top of page
diyar_logo_tm.gif

ŞERTLER & MÜMKINÇILIKLER

Kärhananyň işleýşi

Önümçilik kärhanasy bir sany inkubator ulgamyny, 16 sany tohumçylyk we 4 sany ýetişdirme fermasyny öz içine alýar. Ýetişdirme fermasynda ýetişdirilýän tohumlyk horozlar we towuklardan, takmynan, 24–25 hepdeden soň ýumurtga alynmaga başlanýar.

Ketekleriň içiniň howasy ýörite enjamlar bilen enjamlaşdyrlyp daşky howanyň ýagdaýyna görä ketegiň içiniň howasynyň gyzgynlyk derejesi sazlanylýar. Önümçilikde howanyň gyzgynlygy bilen çyglygy sazlaşmak esasy funksiýalaryň biri bolup durýar. Howanyň gyzgynlyk derejesiniň hem-de çyglylygyň kadaly bolmagy, ýaş jüýjeleriň köpçülikleýin ýitgisiniň öňüni almaga uly ýardam berýär. Şeýle hem ketekler towuklar üçin awtomatiki suw geçirijiler bilen üpjün edilendir.

Önümçilikde ulanylýan enjamlar

Belgiýanyň meşhur Petersime kompaniýasynyň kämil we döwrebaplaşdyrylan enjamlary oturdylan inkubator ulgamy uly möçberde önümçilik kuwwatyna eýe bolup, ýyllyk 25 million jüýje çykarmaga ukyplydyr.

Ýörite barlaglaryň netijesinde saýlanyp, inkubatora ýerleşdirilen ýumurtgalaryň 90%-den jüýje alynýar. Inkubator ulgamy 42 sany otagçadan ybaratdyr. Gündeki öndürilýän ýumurtgalar bökdençsiz tertipde şol otagçalara ýerleşdirilýär we 21 günden soň sagdyn jüýjeleri alynýar.

Giňişleýin

Ýylgaý Durdyýew köçesi / 

46.jaý / Aşgabat

+993 12 75 4555

info@diyargushy.com

  • Black Facebook Icon
  • Black Instagram Icon

© 2020 Diýar Guşy
tarapyndan döredildi.

bottom of page