BIZIŇ HEKAÝAMYZ
«Ýedi hazynaň biri towuk» diýen nakyly özüne şygar edinen telekeçiler häzire çenli az wagtda köp girdeji getirýän broýler jüýjelerini daşary ýurtdan gyzyl pula satyn alýardylar. Hut şu zerurlygy aradan aýyrmak maksady bilen «Diýar guşy» hojalyk jemgyýeti, ýurduň çäginde ilkinjileriň biri bolup, 2020-nji ýylyň başynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Arkaç daýhan birleşiginiň çäginde bina eden fermalar toplumynda özüniň önümçilik işine başlady.

GUŞÇYLYK TOPLUMYMYZ BARADA
Dünýäde iň ýörgünli jüýje görnüşli bolan ROSS-308 broýler jüýjelerini öndürýän kärhanada bir inkubator ulgamy, 16 sany tohumçylyk we dört sany ýetişdirme fermasy bolup, olarda Türkiýe, Belgiýa ýaly döwletleriň enjamlary oturdylandyr.
Kompaniýa broýler jüýjeleriniň ýylda 25 million sanysyny öndürmäge ukyply. Bu bolsa ýerli telekeçileri jüýje bilen dolulygyna üpjün edip, olaryň işleriniň üznüksiz dowam etmegine mümkinçilik berýär.
Towukçylyk bilen meşgullanýanlaryň iň wawwaly meselesi iým bolup durýar. «Diýar guşy» hojalyk jemgyýeti munuň hem hötdesinden geldi we toplumyň çäginde gurluşygyny tamamlan iým zawodynda enelik towuklar üçin ýörite iým öndürmegi ýola goýdy.

BIZIŇ MAKSADYMYZ
Kompaniýa daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge gönükdirilen maksatnamanyň esasynda hereket etmek bilen, ýerli bazary dolulygyna üpjün edeninden soňra, broýler jüýjelerini goňşy ýurtlara eksport etmegi hem maksat edinýär.